Allaguly Gurbanow 4
Allaguly Gurbanow 1988-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. Ol heniz orta mekdepde okap ýörkä, onuň ýüreginde teatra, sungata bolan söýgi oýanypdy. 2020-nji ýylda Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň «Drama we kino aktýory» hünärini ele aldy. Ol 2011-2015-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynda kömekçi toparyň artisti, 1-nji derejeli artisti, režissýoryň kömekçi bolup işläp özüniň artistlik sungatynyň ýokary derejesini görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Allaguly Gurbanow 2022-nji ýyldan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň baş administratory wezipesini ýerine ýetirýär.