Allaguly  Gurbanow 4

Allaguly  Gurbanow 1988-nji  ýylda  Aşgabat şäherinde doglan. Ol  heniz  orta  mekdepde  okap  ýörkä, onuň  ýüreginde  teatra, sungata  bolan  söýgi  oýanypdy. 2020-nji  ýylda Türkmen  döwlet  Medeniýet  institutynyň «Teatr sungaty» fakultetiniň «Drama  we  kino aktýory» hünärini  ele  aldy. Ol 2011-2015-nji  ýyllar  aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynda  kömekçi toparyň artisti, 1-nji derejeli artisti, režissýoryň kömekçi bolup  işläp  özüniň  artistlik  sungatynyň  ýokary  derejesini  görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň  Altyn  asyry» atly  bäsleşiginiň  ýeňijisi  boldy. Allaguly  Gurbanow  2022-nji  ýyldan  bäri  Türkmen döwlet gurjak teatrynyň  baş  administratory  wezipesini  ýerine  ýetirýär.