Ýazmuhammet  Çaryýew 1

Ýazmuhammet  Çaryýew 1970-nji  ýylda  Aşgabat  şäherinde  doglan. Ony  çagalykdan  saz  dünýäsi  özüne  çekýär. Ol 1988-nji  ýylda  Aşgabatdaky  ýörite  orta  sazçylyk  mekdebini  tamamlap  ýörite  orta  bilim  alýar. 1988-1993-nji  ýyllar  aralygynda  şol  wagtky  türkmen  döwlet  pedagogik  sungat  institutyny «Medeni aň bilim işi» hünäri  boýunça  tamamlap, medeni  aň-bilim işgäri, höwesjeňler  orkestr  kollektiwiniň  ýolbaşçysy  kärini  ele  alýar. Şundan  soň  medeni  ojaklarda  dürli  wezipelerde  işleýär. 2010-njy  ýyldan  häzirki  wagta  çenli  bolsa, Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynyň Önümçilik  tehniki  we  radio-ses  bölüminiň ses  režissýory  wezipesinde  işläp  gelýär. Ol  tehnikanyň  bökdençsiz  işlemegi, sahan  oýunlarynda  tomaşaçylarda  ýeterlik, göwnejaý  eşdilmegi, ýazgylaryň  şowly  çykmagy  üçin  öz  ukyp-başarnygyny  gaýgyranok.