Ýazmuhammet Çaryýew 1
Ýazmuhammet Çaryýew 1970-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. Ony çagalykdan saz dünýäsi özüne çekýär. Ol 1988-nji ýylda Aşgabatdaky ýörite orta sazçylyk mekdebini tamamlap ýörite orta bilim alýar. 1988-1993-nji ýyllar aralygynda şol wagtky türkmen döwlet pedagogik sungat institutyny «Medeni aň bilim işi» hünäri boýunça tamamlap, medeni aň-bilim işgäri, höwesjeňler orkestr kollektiwiniň ýolbaşçysy kärini ele alýar. Şundan soň medeni ojaklarda dürli wezipelerde işleýär. 2010-njy ýyldan häzirki wagta çenli bolsa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Önümçilik tehniki we radio-ses bölüminiň ses režissýory wezipesinde işläp gelýär. Ol tehnikanyň bökdençsiz işlemegi, sahan oýunlarynda tomaşaçylarda ýeterlik, göwnejaý eşdilmegi, ýazgylaryň şowly çykmagy üçin öz ukyp-başarnygyny gaýgyranok.