Ýazgeldi Muhammetgulyýew 1
Ýazgeldi Muhammetgulyýew 1953-nji ýylda doglan. Milleti türkmen, bilimi ýokary. 1977-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Türkmen politehniki institutyny tamamlap, çyzuw we surat mugallymy, inžener gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda dürli wezipelerde işledi. 2001-nji ýyldan Türkmen döwlet gurjak teatrynda suratkeş wezipesinde, 2017-nji ýyldan bäri bolsa, gurjak taýýarlamak boýunça suratçy-ussa bolup işleýär. Ol «Dag rowaýaty», «Altyn jüýje», «Çagaly öý bazar», «Jüýteniň toýy», «Wah, bu söýgi-dä», «Söýgi köprüsi», «Akylly garga», «Dostsuz kyn bolar», «Halasgär Towşan», «Hazynaly ada», «Taýharjyk», «Bir Towşanjyk bar eken...», «Jadyly sahypalar», «Gazjagaz», «Japbaklar» ýaly oýunlaryň bezeg işini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ýazgeldi Muhammetgulyýew «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», ýubileý medaly bilen sylaglandy. «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly adyň eýesi.