Ýazgeldi  Muhammetgulyýew 1

Ýazgeldi  Muhammetgulyýew 1953-nji  ýylda  doglan. Milleti türkmen, bilimi ýokary. 1977-nji  ýylda Aşgabat  şäheriniň Türkmen  politehniki  institutyny tamamlap, çyzuw  we  surat  mugallymy, inžener  gurluşykçy  hünärini  ele  aldy. Ol dürli ýyllarda  dürli wezipelerde  işledi. 2001-nji ýyldan Türkmen döwlet gurjak teatrynda  suratkeş wezipesinde, 2017-nji  ýyldan  bäri  bolsa, gurjak  taýýarlamak  boýunça  suratçy-ussa bolup işleýär. Ol «Dag rowaýaty», «Altyn  jüýje», «Çagaly öý bazar», «Jüýteniň toýy», «Wah, bu söýgi-dä», «Söýgi köprüsi», «Akylly garga», «Dostsuz kyn bolar», «Halasgär Towşan», «Hazynaly ada», «Taýharjyk», «Bir Towşanjyk bar eken...», «Jadyly  sahypalar», «Gazjagaz», «Japbaklar» ýaly oýunlaryň bezeg işini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ýazgeldi  Muhammetgulyýew «Türkmenistanyň  Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», ýubileý  medaly  bilen  sylaglandy. «Türkmenistanyň  sungatda  at  gazanan  işgäri» diýen  hormatly  adyň  eýesi.