Şaguly Karaşow 4
Şaguly Karaşew 1994-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. Ol çagalyk ýyllary multfilimleri, gurjak teatrynyň oýunlaryny görmegi gowy görýärdi. Bu bolsa onuň ýüreginde sungata bolan söýgüni oýardy. Ol 2012-nji ýylyň maýyndan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik bölüminiň 1-nji derejeli artisti artisti bolup işleýär. Ol teatryň sahnasynda goýlan oýunlarda – «Mukaddes çörek» Guzynyň, «Şadyýan sazandalar», Horazyň «Pişik miýawlamany nädip öwrendika?», Gurbaganyň, «Şäher ertekisinde» Sekizligiň, «Sakarja geçi» Horazyň, «Ýeserje güjükde» Alabaýyň, «Heňňamlaryň hekaýatynda» köpçülik sahnasynda, «Baky rowaýatlar» Aždarhanyň, «Janly gurjaklarda» Garagol oglanjygyň, «Juwan kalbym joşanda» Sarynyň keşplerini döredip, «Çagaly öý bazarda», «Jüýteniň toýunda» Amangözeliň, «Gurjakgyzda» Bosballynyň, «Söýgi bizi halas ederde» Ataşyň ýaly keşplerde-de çykyş edip tomaşyçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Şeýle hem teatrda goýulýan degişme sahnalarynda çykyş edip , tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp olara şatlyk paýlap gelýär. Ol teatr sahnasynda goýlan oýunlarda işjeňlik görkezýär. Özüne tabşyrylan keşpleri ýaş ýüregi bilen döredijilikli çemeleşýär. Bu babatda halypa artistleriň sargytlaryny eýerýär olaryň iş tejribesini öwrenýär. Şaguly Karaşew özüne ynanylan degişli täze döredijilikli işleri bilen yzygiderli tanyşyp kämillik derejesini artdyrýar. Ol öz işine ukyplydygyny hem-de bu işe höwesiniň bardygyny görkezdi. Şaguly Karaşew iş janly häsiýeti bilen tapawutlandy. Tabşyrlan işleri talaba laýyk, dogry ýerine ýetirdi. Teatryň düzgünlerini kemsiz berjaý edýär. Teatrda hem-de onuň çäginden daşary geçirilýän medeni çärelere hem işjeň gatnaşýar.
Syýasy taýdan sowatlydygyny hem ünsden düşürmeýär. Ol Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň agzasy. Medeni – köpçülik işlerine işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize we sungatymyza uly sarpa goýup, öz döredijilik işinde mydama kämillige ymtylýar. Syýasy taýdan sowatly. Häsiýetnama talap edilýän ýerine görkezmek üçin berildi.