Şaguly Karaşow 4

Şaguly Karaşew 1994-nji ýylda Aşgabat  şäherinde  doglan. Ol  çagalyk  ýyllary  multfilimleri, gurjak  teatrynyň  oýunlaryny  görmegi  gowy  görýärdi. Bu  bolsa  onuň  ýüreginde  sungata  bolan  söýgüni  oýardy. Ol 2012-nji ýylyň maýyndan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik bölüminiň  1-nji derejeli artisti artisti bolup işleýär. Ol teatryň  sahnasynda  goýlan  oýunlarda – «Mukaddes çörek» Guzynyň, «Şadyýan sazandalar», Horazyň «Pişik miýawlamany nädip öwrendika?», Gurbaganyň, «Şäher ertekisinde» Sekizligiň, «Sakarja geçi» Horazyň, «Ýeserje güjükde» Alabaýyň,  «Heňňamlaryň hekaýatynda» köpçülik sahnasynda, «Baky rowaýatlar» Aždarhanyň, «Janly gurjaklarda» Garagol oglanjygyň,  «Juwan kalbym joşanda» Sarynyň  keşplerini döredip, «Çagaly öý bazarda»,  «Jüýteniň toýunda»  Amangözeliň, «Gurjakgyzda» Bosballynyň, «Söýgi bizi halas ederde» Ataşyň  ýaly keşplerde-de çykyş edip  tomaşyçylarda  ýakymly  täsir  galdyrdy. Şeýle  hem teatrda goýulýan  degişme  sahnalarynda  çykyş  edip , tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp olara şatlyk  paýlap  gelýär. Ol  teatr  sahnasynda  goýlan  oýunlarda  işjeňlik  görkezýär. Özüne  tabşyrylan   keşpleri  ýaş  ýüregi  bilen  döredijilikli  çemeleşýär. Bu  babatda  halypa  artistleriň  sargytlaryny  eýerýär  olaryň  iş  tejribesini  öwrenýär. Şaguly Karaşew özüne ynanylan degişli  täze  döredijilikli  işleri  bilen  yzygiderli  tanyşyp  kämillik  derejesini  artdyrýar. Ol öz işine ukyplydygyny hem-de bu işe höwesiniň bardygyny görkezdi. Şaguly Karaşew iş janly häsiýeti bilen tapawutlandy. Tabşyrlan işleri talaba laýyk, dogry ýerine ýetirdi. Teatryň  düzgünlerini kemsiz berjaý edýär. Teatrda hem-de onuň çäginden daşary geçirilýän medeni çärelere hem işjeň gatnaşýar. Syýasy  taýdan  sowatlydygyny  hem ünsden  düşürmeýär. Ol Magtymguly  adyndaky  ýaşlar  guramasynyň  agzasy. Medeni – köpçülik  işlerine  işjeň  gatnaşýar. Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy döwründe  milli  medeniýetimize  we  sungatymyza  uly  sarpa  goýup, öz  döredijilik  işinde  mydama  kämillige  ymtylýar. Syýasy  taýdan  sowatly. Häsiýetnama  talap  edilýän  ýerine  görkezmek  üçin berildi.