Merdan Haydarov 6

Merdan Haýdarow  1985-nji  ýylda  Ahal welaýatynda Ak bugdaý etrabnyň Ýaşyldepe d/b  doglan. Onyň sahna bolan howesi ulydy. Bu  höwes  bolsa, ony  orta  mekdebi  tamamlandan  soň, A. S. Puşkin  adyndaky  döwlet  rus  drama  teatrynyň  ýanyndaky  studiýa  getirdi. Ol  bu  studiýany  tamamlap, drama  teatrynyň  aktýory  hünärini  ele   aldy. Şondan  soň, Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynda  kömek  beriji  toparynyň  artisti  bolup  işe  başlady. Ol  turuwbaşdan  özüniň  ukyby, zehini  bilen  tapawutlanyp, 2-nji  derejeli  artist  boldy. Merdan Haýdarow her  bir  oýna  işjeň  gatnaşyp, özüne  tabşyrylan  keşbe  döredijilikli  çemeleşýär. Ol  teatrda  goýlan  oýunlarda – «Iň  hezil  günde» Azat Hojaahmedow, «Halasgär towşanda» Mojegiň, «Janly gurjaklar » aýy,  «Çagaly  öý-bazarda» Amangozel ,gonşy oglan , «Jüýteniň  toýunda» Amangozel,  «Söýgi  bizi  halas  ederde» Aman Gussaýewiç, «Söýgi  köprüsinde» Kakabaý çunk, «Wah, bu  söýgi-dä» Köpçilik sahnasynda , 2019-2021-nji ýylar aralygynda «Arsyn mal allan » Suleýman , «Külbejik » kirpi, «Säher ertekisi » altylyk , «Hennamlaryñ hekaýatynda » beg oglanyñ  keşplerini  ör  boýuna  galdyryp, öz  ussatlygyny  görkezdi. Mundan basgada teleýaýlymlarda görkezilýän kiçi göwrimli kinofilmlerde şeýle-de saglyk barada undewlerde yzygiderli çykyş edip oz tejribesini has-da artdyrýar.

         Merdan Haýdarow  özüniň  döredijilik  ukyby, zehini  bilen  tomaşaçylaryň  uly  söýgüsine  eýe.