Мердан Хайдаров 6
Merdan Haýdarow 1985-nji ýylda Ahal welaýatynda Ak bugdaý etrabnyň Ýaşyldepe d/b doglan. Onyň sahna bolan howesi ulydy. Bu höwes bolsa, ony orta mekdebi tamamlandan soň, A. S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky studiýa getirdi. Ol bu studiýany tamamlap, drama teatrynyň aktýory hünärini ele aldy. Şondan soň, Türkmen döwlet gurjak teatrynda kömek beriji toparynyň artisti bolup işe başlady. Ol turuwbaşdan özüniň ukyby, zehini bilen tapawutlanyp, 2-nji derejeli artist boldy. Merdan Haýdarow her bir oýna işjeň gatnaşyp, özüne tabşyrylan keşbe döredijilikli çemeleşýär. Ol teatrda goýlan oýunlarda – «Iň hezil günde» Azat Hojaahmedow, «Halasgär towşanda» Mojegiň, «Janly gurjaklar » aýy, «Çagaly öý-bazarda» Amangozel ,gonşy oglan , «Jüýteniň toýunda» Amangozel, «Söýgi bizi halas ederde» Aman Gussaýewiç, «Söýgi köprüsinde» Kakabaý çunk, «Wah, bu söýgi-dä» Köpçilik sahnasynda , 2019-2021-nji ýylar aralygynda «Arsyn mal allan » Suleýman , «Külbejik » kirpi, «Säher ertekisi » altylyk , «Hennamlaryñ hekaýatynda » beg oglanyñ keşplerini ör boýuna galdyryp, öz ussatlygyny görkezdi. Mundan basgada teleýaýlymlarda görkezilýän kiçi göwrimli kinofilmlerde şeýle-de saglyk barada undewlerde yzygiderli çykyş edip oz tejribesini has-da artdyrýar.
Merdan Haýdarow özüniň döredijilik ukyby, zehini bilen tomaşaçylaryň uly söýgüsine eýe.