20-04-2024
548

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda “Kitabyň gudraty” atly sahna eserini sahnalaşdyrmagyň ilkinji ädimleri ädilip başlandy. Bu sa изhna eseri ýazyjy Nobatguly Rejepowyň “Keramatly kitap” atly nowellasy easynda Goçmyrat Orazberdiýewiň ýazan “Kitabyň gudraty” atly edebi esas boýunça sahnalaşdyrylýar. Sahna eseriniň režissýory Ylýas Durdyýew. Bu sahna eserinde Magtymguly Pyragynyň kitabynyň adamlara edýän täsiri, onuň gymmatlygy barada gürrüň edilýär. Sahna eseriniň gahrymany Magtymguly şahyryň kitabyny özüne alynmak üçin birnäçe wakalary başdan geçirýär. Şol wakalaryň üsti bilen hem Magtymguly Pyragynyň kitabynyň gymmaty açylyp görkezilýär. Sahna eserinde şahyryň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny gurjak teatrynyň sahna tilsimleri bilen ýaş tomaşaçylara ýetirmeklik hem göz öňünde tutulýar.