10-09-2026
24

‎«Garaşsyzlyk -Ganatym, Watanym- Seždegähim» atly teatr bäsleşiginiň jemi jemlendi.

 Ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilen «Garaşsyzlyk -Ganatym, Watanym- Seždegähim» atly teatr bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan  birnäçe medeniýet we sungat işgärleri sylaglandy. Bu bäsleşige Türkmen döwlet gurjak teatry hem özüniň "Dostluk mukamy" atly täze sahna eseri bilen gatnaşdy. Garaşsyzlyk -Ganatym, Watanym- Seždegähim» atly teatr bäsleşiginde üstünlikli çykyş edenligi üçin Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady Zyyada Kakalyýewa hem-de teatrymyzyň režissýory Batyr Gurbanow "Ýaş režissýoryň iň oňat işi üçin" atly hormat haty we sowgatlar bilen sylaglandylar.