«Teatr meniň ykbalym»
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň halypa artistleri Gülsere Jumaýewa, Annaçary Kakabaýew we Aşyrmyrat Gurbanow bilen Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Teatr meniň ykbalym» atly çeper-dokumental filmiň ýazgysy geçirildi. Film üçin geçirilen ýazgylaryň dowamynda halypa artistler teatr sungatynyň özboluşly dünýäsine, sahna durmuşynyň ýatda galan pursatlaryna, köpýyllyk döredijilik ýollaryna we sungata bagyşlanan ömürlerine degişli täsirli hem gyzykly gürrüňleri paýlaşdylar. Olar üçin teatr diňe bir sahna ýa-da hünär däl-de, eýsem, ömrüň many-mazmunyna öwrülen mukaddes ýol, ykbal bilen aýrylmaz baglanyşykly döredijilik älemi hökmünde beýan edildi. Aýratyn-da, söhbetdeşlikleriň dowamynda gurjak teatrynyň özboluşly aýratynlyklary, onuň çagalaryň kalbynda eýeleýän orny barada täsirli pikirler aýdyldy. Halypa artistler gurjaklaryň diňe bir sahnada janlandyrylýan şekiller däldigini, eýsem, körpe tomaşaçylaryň dünýäsine ýol açýan, olara durmuşyň dürli ýagdaýlaryny, ýagşylyk bilen ýamanyň, dostluk bilen agzybirligiň, dogruçyllygyň we ynsanperwerligiň ähmiýetini düşnükli hem gyzykly görnüşde düşündirmäge hyzmat edýän täsirli sungat serişdesidigini nygtadylar. Gurjaklaryň üsti bilen körpeje tomaşaçylaryň ýüregine ýol tapmak, olara durmuşda bolup geçýän wakalary özboluşly sahna dili arkaly düşündirmek, çagalaryň gözýetimini giňeltmek we olaryň kalbynda ýagşy duýgulary oýarmak — gurjak teatrynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde bellenildi.