«Täze ýylda körpe nesil şatlanýar»/«Jüýteniñ toýy»
Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatry özüniň "Täze ýylda körpe nesil şatlanýar" atly şowhunly baýramçylyk çykyşlaryna dowam edýär. Bu şowhunly çykyşlarda körpeje tomaşaçylar özleriniň söýgüli erteki gahrymanlary bilen bile şatlanýarlar, aýdym aýdyp, tans edýärler. Bu baýramçylyk çykyşlaryndan soň bolsa, Täze ýyl mynasybetli taýýarlanan "Jüyteniñ toýy"atly oýnumyza tomaşa edip bilerler. Bu şowhunly çykyşlar ýanwar aýynyň 12 sine çenli dowam edýär.
"Jüýteniň toýy"
Bu gurjak oýnunda Hurma eje özüniň söwer gyzy Jüýteniň ýagşy bir maşgala durmuşa çykmagynyň aladasyny edýär. Netijede, ol dogany Totynyň ogly Ýapyşakgula öz gyzyny durmuşa çykarmakçy bolýar. Bu oýunuň mazmuny iki doganyň arasyndaky gudaçylyk wakalaryň esasynda jemlenýär. Şadyýanlyga, ruhubelentlige ýugrulan bu gurjak oýny ululara niýetlenendir.