Erteki
Towşanjygyň öýi
Bu oýundaky waka gür bagly tokaýda bolup geçýär. Tokaýyň jümmüşinde Towşanjyk özüne agaç gabygyndan, Tilki bolsa buzdan öý gurýar. Ýöne ýaz gelende, Tilkiniň buzdan öýi eräp, ol öýsüz-öwzarsyr galýar. Towşanjyk oňa dözmän, wagtlaýyn, täze öý edinýänçä, öýüne göýberýär. Tilki bolsa, ýagşylyga ýamanlyk edip, Towşany öýünden çykaryp, onuň öýüni özi alýar. Şondan soň, oýun It, Aýy ýaly keşpleriň üsti bilen has-da dartgynly häsiýete eýe. Ahyrsoňunda Horaz batyr ýetişip, Towşanyň öýüni Tilkiniň elinden alyp berýär. Rus halk ertekisi esasynda goýlan oýnuň çagalaryň kalbynda rehimdarlygy, hemaýatkärligi, ýagşylygy, batyrgaýlygy oýarmakda uly terbiýeçilik ähmiýeti bar.