Magtymguly Hudaýberdiýew 9

Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady.


Magtymguly Hudaýberdiýew 1971-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Birleşik obasynda eneden bolýar. Ol oba mekdebinde okap ýörkä oba Medeniýet öýündäki drama gurnagyna gatnaşyp başlaýar. Magtymguly Hudaýberdiýewiň kakasy Hojaberdi aga sungat adamlaryna, ýurdumyza belli tanymal artistlere uly hormat goýup, olar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Bu ýagdaý Magtymgulynyň çagalygyndan sungata bolan höwesini hasam artdyrýar. 
Magtymguly Hudaýberdiýew 1987-1990-njy ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky artistleri taýýarlaýan üç ýyllyk mekdebi (studiýany) gutaryp, drama we kino artisti hünärini ele alýar. Ol 1993-nji ýylda Türkmen döwlet gurjak teatrynda artist wezipesinde işe başlaýar. Ol teatryň sahnasynda ilkinji gezek halk ertekisi esasynda goýlan «Böwenjik» atly oýunda Taýharjygyň keşbini döredýär. Magtymguly Hudaýberdiýew bu ilkinji synagdan üstünlikli geçýär we özüne ynanylan her bir keşbi ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Ol irginsiz zähmeti bilen ses, hereket, häsiýet gözläp, soňabaka bir oýunda iki keşbi hem döretmegiň hötdesinden geldi. Döredijilik toparynyň «Jüýteniň toýy» atly oýnunda çagajyk Başagaýyň keşbi bilen Amangözel atly sygyryň keşbini ör boýuna galdyrdy. Ol «Japbaklar» oýnunda Kelek baýyň, B.Gutlymyradowyň «Halasgär Towşan» oýnunda Möjegiň, U.Gajybekowyň «Arşyn mal alan» oýnunda Soltan begiň, «Kerwenbaşynyň oglynda» Çerkez aganyň, G.Kakabaýewiň «Sakarja geçisinde» Möjegiň, «Üç ýüz tyllada» Täjiriň, R.Oksananyň «Basgançagyň astynda kim ýaşaýar?» oýnunda Güjügiň, «Maşa we aýyda» Babanyň, «Külbejikde» Tilkiniň, «Gopbam towşanjykda» Möjegiň täsirli keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Magtymguly Hudaýberdiýew teatryň sahnasynda çagalaryň hem ulularyň göwnünden turan 70-e golaý keşbi döretdi. Ol diňe bir gurjak artisti bolman, gurjaklary ýasap hem bilýär. Onuň ýasan gurjaklarynyň biri «Ýaşlyk» teleýaýlymynda «Joralar» atly çagalar üçin taýýarlanýan gepleşikde Gurbaga - «Guga daýy» ady bilen tanalýar. Magtymguly Hudaýberdiýew goşgydyr, hekaýa we drama eserlerini-de ýazýar. Onuň «Akylly Garga», «Totuguş», «Pişijek miýawlamany nähili öwrendi?», «Bagjykly we bagjyksyz» ýaly eserleri teatryň sahnasynda goýlup, halk köpçüligine hödürlendi, teleýaýlymlarda görkezildi. 
Halypa artist Magtymguly Hudaýberdiýew teatrdaky ýaş artistlere döredijilik kömegini berýär. Ýaş artistlere gurjagyň görnüşlerini, gurjaga ses gözlemegiň, gurjaga häsiýet berip oýnadylşynyň inçe syrlaryny öwredýär. 
Magtymguly Hudaýberdiýewe 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak miýesser etdi. 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada eýe boldy.