Gülsere Jumaýewa 5
Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýokary derejeli artisti.
Gülsere Jumaýewa 1954-nji ýylda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynyň (öňki Çarşaňňy etrabynyň) Daşrabat obasynda dünýä inýär. Şol obadaky 4-nji orta mekdebe 1962-nji ýylda okuwa barýar. 1972-nji ýylda göreldeli tamamlaýar. Sungata bolan höwesi mekdepde okap ýörkä, aýdym-saz, drama gurnaklaryna gatnaşmakdan başlanýar. Gülsere Jumaýewanyň sungata bolan söýgüsi ony 1977-nji ýylda Aşgabat şäherindäki, öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky açylan teatr studiýasyna getirýär. Ol türkmen teatrynyň Ata Alowow, Aman Gurbandurdyýew, Oraz Hajymyradow, Kakabaý Durdyýew, Nury Keşikow, Çary Işangulyýew, Aman Kömekow, Durdy Nyýazow, Seýit Nepesow ýaly halypalaryndan sapak alýar. 1979-njy ýylda studiýany tamamlap, Türkmenabat (öňki Çärjew) şäherinde, açylan Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatrynyň düýbüni tutujylaryň biri bolup işe başlaýar. Bu teatrda işlän döwründe «Seýdi», «Kör Patyşa», «Melhem mekany», «Täze ýyl gijesi», «Yşgyň nähak azaby», «Ýigit başy gowgaly», «Şäher tomsy» spektakyllarynda biri-birine meşzemeýän keşpleri ýerine ýetirip tomaşaçylaryň göwnünden turýar.
1990-njy ýylda Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowowyň ýolbaşçylygynda Türkmen döwlet gurjak teatry açylýar. Halypa mugallymlaryň çagyrmagy bilen, Gülsere Jumaýewa bu teatryň düýbüni tutujylaryň biri bolup işe başlaýar. Halypasy oňa Ata Salyhyň «Ýolbars we Tilki» oýnunda baş keşp Tilkini ynanýar. Bu keşbi ussatlyk bilen döredip, tomaşyçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Şeýdip aktrisanyň gurjak teatrynda täze döredijilik ýoly başlanýar. A.Alowowyň «Kör Gargada» Tokmagyň, «Böwenjikde» Torumly maýa, Mama, «Üç jojukda» Nufyň, «Gazjagazda» Gazyň, gyzjagazyň, «Pişik we syçanda» Syçanyň, Marina daýza ýaly daşary ýurt eserlerinden goýulan spektakllarda dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Türkmen halk ertekilerinden «Dag rowaýatynda» Günüň, garry Enäniň, «Şabähremde» Gülbibiniň, «Enemiň owlajygynda» Owlajygyň, «Gülnarjanda» Ene keýigiň, «Ýeserje towşanda» Towşanyň, «Gülälekde» Kepderiniň, gülälegiň, «Syçanlaryň toýynda» uzyn kirpigiň, «Kesirje Keýikde» Jemalyň, 1998-nji ýylda «Ýagşylykga ýamanlyk» atly oýny bilen Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen teatr festiwalynda şowly çykyş etdi. Soňra «Oguz oýnynda» Gelniň, «Ak ýylan we Gara ýylanda» gara ýylanyň, tilkiniň, «Aldanan Möjekde» guzynyň, «Akmaralda» ýylanyň, peşmegiň, «Çagaly öý bazarda» Apaçynyň, «Jüýteniň toýynda» Gülsüm daýzanyň, «Wah, bu söýgi-däde» palçynyň, «Söýgi köprüsinde» Üzüm bajynyň, «Hudaýberdi batyrda» Nurbikäniň,
K.Meşkowyň «Bir Towşanjyk bar ekende» Mamanyň, K.Taňrygulyýewiň «Pilmahmytda» Nabadyň keşbi bilen Russiýa Federasiýasynda, Ermenistan Respublikasynda geçirilen teatr festiwallaryna gatnaşyp şowly çykyş etdiler. G.Daňatarowyň «Gurjakgyz» oýnunda Dürliniň, H.Şirowyň «Alýaňak» oýnunda Towşanyň keşbinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen halkara festiwala gatnaşyp şowly çykyş etdiler. «Ýartygulakda» Mamanyň keşbini ýerine ýetirdi. Bu oýun bilen Ukraina döwletiniň Poltawa şäherinde, Eýran Yslam Respublikasynyň Hamidan şäherinde geçirilen halkara festiwallarada gatnaşyp üstünlikli gatnaşdylar. «Ýekäniň çaňy çykmazda» Tilkiniň, «Çagalyk älemgoşarda» Güneşiň, B.Batyrowyň «Bagda bolan bir wakada» Maşyrsak bajynyň, «Serçä öwrülen oglanjykda» Külejäniň ýaly ajaýyp keşplerini ör boýuna galdyryp, özüniň aktýorçylyk ussatlygyny ýokary derejede görkezmegi başardy.
Gülsere Jumaýewa gurjak teatr sungatyna ömrüni bagş eden artist. Onuň 100-den gowurak keşpleri döretdi. Kino sungatynda B.Annanowyň «Kärizgenler», S.Baýramowyň «Daragt» filiminde kiçeňräk keşpleri döretdi.
Gülsere Jumaýewanyň döredijilik ýoly teatrda ýaş artistlere görelde mekdebi bolup durýar. Ol uly höwes bilen gurjaklary hereketlendirmegiň, her bir keşbe mahsus ses bermegiň inçe tilsimlerini öwredýär.
Halypa artist Gülsere Jumaýewa 2011-nji ýylda «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.