Batyr  Gurbanow 1

Batyr Gurbanow 1998 -nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda  doglan. 2021-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap telewideniýe  režissýory  hünärini ele  aldy. 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Türkmen döwlet gurjak  teatrynyň  döredijilik  toparynyň  kömekçi  režissýory bolup işleýär. Ol  teatryň  sahnasynda  ýörite çagalar üçin niýetlenen “Almajyk”, “ Maşa we aýy”, “ Janly gurjaklar” ýaly  gurjak  oýunlaryny  sahnalaşdyryp  ol  sahna  oýunlar  hem  çagalaryň  uly  söýgüsüne  mynasyp  boldy.“Jüýteniň toýy“, “Şadyýan şow“ ýaly  gülküli  (komediýa)  B.Mämmedowyň “Juwan kalbym joşanda”  ýaly  ýurdumyzyň  şu  günki  ajaýyp  döwrüni  wasp  edýän  ýörite  uly ýaşly  tomaşaçylar  üçin  niýetlenen  uly  göwrümli  sahna  oýnunlaryny  hem sahnalaşdyrdy. Mundan  başgada  B.Gurbanow  diňe  oýun  goýmak  bilen  çäklenmän  teatryň sahnasynda  halk  köpçülügine  hödürlenýän  uly  göwrümli  sahna oýunlaryndan   “Ýartygulak”        (baýyň ogly Eseniň)  “Söýgi bizi halas eder” (klub işgäri) “ Arşin mal alan” (hyzmatkär Ali ) “Aladdin”( Şazada Ahmet)  “Jüýteniň toýy “ (Ýapyşakguly)  “Juwan kalbym joşanda“  ( Selim Selimowiç)  “Japbaklar“ (Mölegöz)  ýaly  tomaşaçylaryň  aňynda  galýan  ajaýyp  keşpleri  ýerine  ýetirýär. Ol  teatr  sahnasynda  goýlan  oýunlarda  işjeňlik  görkezýär. Özüne  tabşyrlan   keşpleri  ýaş  ýüregi  bilen  döredijilikli  çemeleşýär. Bu  babatda  halypa  artistleriň  sargytlaryny  eýerýär  olaryň  iş  tejribesini  öwrenýär. Batyr Gurbanow mydama  medeni  köpçülik  işleriniň  jümmüşinde  görmek  bolýar. Ol dürli medeni  çärelere  baýramçylyk  dabaralara  teatr  tarapyndan  guralýan  döredijilik iş  saparlaryna  işjeň  gatnaşyp  gelýär. Batyr Gurbanow  özüne  degişli  täze  döredijilikli  işleri  bilen  yzygiderli  tanyşyp  kämillik  derejesini  artdyrýar. Syýasy  taýdan  sogatlydygyny  hem ünsden  düşürmeýär. Ol  Magtymguly  adyndaky  ýaşlar  guramasynyň agzasy. Berkarar  döwletiň  täze eýýämyniň  Galkynyşy  döwründe  milli  medeniýetimize  we  sungatymyza  uly  sarpa  goýup  öz  döredijilik  işinde mydama  kämmillige  ymtylýar  .