Didar  Allakow 0

Didar Allakow 1993-nji  ýylda  Lebap  welaýatynyň  Köýtendag  etrabynda, Amyderýa  şäherinde  doglan. 2000-2010-njy  ýyllar  aralygynda Lebap  welaýatynyň  Köýtendag  etrabynyň  53-nji  orta  mekdebinde  orta  bilim  alýar.   2010-2014-nji  ýyllar  aralygynda  Aşgabatdaky  Türkmen  döwlet  ýörite  çeperçilik  mekdebinde  okap, suratkeş-nakgaş, çyzuw we surat  mugallymy  kärini  ele  alýar. 2014-2020-nji  ýyllar  aralygynda Türkmen  döwlet  çeperçilik  akademiýasynda «Teatr  haşam  nakgaşlygy» hünäri  boýunça  okap, teatr  suratkeşi, surat  we  çyzuw  mugallymy  kärini  ele  alýar. 2022-nji  ýyldan  bäri  Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynyň  çeper  döredijilik  bölüminiň  gurjak  taýýarlamak  boýunça  suratçy-ussasy  wezipesinde  işleýär. Ol  turuwbaşdan  sahna  bezeglerini  ýerine  ýetirmekde  milliligi, täzeçilligi  bilen  tapawutlanýar. «Aladdin», «Juwan  kalbym  joşanda», «Garagollaryň ökünji», «Mähekdaş» atly  sahna  oýunlarynyň  bezeg  işlerine  gatnaşdy.