Leýla  Ataberdiýewa 0

Leýla  Ataberdiýewa  1967-nji  ýylda  Aşgabat  şäherinde  doglan. Ol  Aşgbatdaky  34-nji  mekdebi  tamamlanyndan  soň, A.M.Gorkiý  adyndaky  Türkmen  döwlet  uniwerstitetiň (häzirki Magtymguly  adyndaky Türkmen  döwlet  uniwerstiteti) okuwa  girýär. 1989-njy  ýylda  uniwerstiteti  tamamlap, ýokary  bilim  alanyndan  soň, şol  wagtky B.M.Kerbabaýew  adyndaky  edebiýat  muzeý-öýünde ylmy  işgär  bolup  işe  başlaýar.  Leýla  Ataberdiýewa 2001-nji  ýyldan  bäri  Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynyň  Çeper  dekoratiw  we  butafor  grim-postižýor  hem-de  tikinçilik  geýim  bölüminiň  müdiri. Ol  bölümiň  işini  hemmetaraplaýyn  talabalaýyk  alyp  barmak  üçin  gujur-gaýratyny  gaýgyranok. Leýla  Ataberdiýewa 2015-nji  ýylda «Watana bolan söýgisi üçin» medaly  bilen  sylaglandy.