Myrat Batyrow 2
Myrat Batyrow 1985-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. 1992-2001-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň 25-nji orta mekdebini tamamlap orta bilim aldy. 2002-2003-nji ýyllar aralygy S.A.Niýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň agrotelekeçilik merkezinde bank işleriniň operatory hünäri boýunça tamamlady. Ol unwersiteti okan döwürinde teatr sungaty bilin içgin gyzyklanýardy. Bu sunata bolan höwesi ony 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatryna getirdi. Ol talyplar teatrynda yşyk boýunça suratkeş wezipesinde işledi. 2023-nji ýyldan bäri bolsa Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Önümçilik tehniki we radio-ses bölüminiň müdiri wezipesinde işläp gelýär. Ol bölümine degişli işleriň hemmetaraplaýyn talaba laýyk bolmagy üçin, yhlasyny, ukybyny gaýgyranok.