Maksat Altaýew 2

Altaýew  Maksat 1970-nji ýylda  Aşgabat  şäherinde  doglan. Ol  orta  mekdebi  tamamlap, şol  wagtky  Mollanepes  adyndaky  Akademiki  drama  teatrynyň  ýanyndaky  üç  ýyllyk  drama  studiýasynda  okaýar. Soň  bolsa  Magtymguly  adyndaky  Türkmen  döwlet  uniwersitetinde  gaýbana  okap, ýokary  bilime  eýe  bolýar.  Altaýew  Maksat 2019-njy  ýyldan  bäri  Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynda  işläp  gelýär. Ol  teatr  sungatynda  mydama  täzeçillige, millilige  ymtylýar. Gahryman  Arkadagymyzyň «Türkmeniň  döwletlilik  ýörelgesi» kitaby  esasynda  onuň  döreden  ssenariýasy  boýunça «Heňňamlaryň  hekaýaty» atly  oýun  goýuldy. 2021-nji  ýylda – «Türkmenistan – parahatçylygyň  we  ynanyşmagyň  Watany» ýylynda  geçirilen «Türkmen  teatr  sungaty» atly  teatr  bäsleşiginde  görkezildi. Gahryman  Arkadagymyzyň  akyl-paýhasa  ýugrulan  kitaplary Maksat  Altaýewi  mydama  döredijilikli  işe  ruhlandyrýar. Ol  danaýy  kitaplardaky  tymsallar, rowaýatlar  esasynda  taýýarlanan  gysgajyk  sahnalary  teleýaýlymlara  berdi. Şeýle  hem  saglyk, ýol  howpsuzlygy  barada  birnäçe  rolikleri  döretdi. Maksat  Altaýewiň «Baky  juwan – Aşgabat» atly  gysga  göwrümli  filmi  hem  «Aşgabat  bahary» atly  festiwala  gatnaşyp, baýrakly  orna  mynasyp  boldy. Şu  günler  bolsa  Magtymguly  Hudaýberdiýewiň «Bagjykly  we  Bagjyksyz  köwüş»  eserini  režissýor  hökmünde  sahnalaşdyrmak  bilen  bagly  işleri  alyp  barýar.  Altaýew  Maksat  ýurdumyzda  medeniýet  sungat  bilen  bagly  alnyp  barylýan  çärelere  hem  işjeň  gatnaşyp  gelýär.