Şirin Ataýewa 13
Şirin Ataýewa 1990-njy ýylda Aşgabata şäherinde dogulýar.Onuň kalbynda teatr sungatyna bolan söýgi çagalykdan başlanýar.Ol Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet gurjak teatryna gelip, sahna oýunlaryna syn etmegi has hem gowy görýärdi. Şeýlelikde ýygy-ýygydan teatra gelip, oýunlara içgin tomaşa edýän gyzjagaz artistleriň gözüne ilýär. Şirin heniz 9-njy synpda okap ýörkä, teatra howesjen gatnap köpçülik sahnalarynda çykyş edyar. Bu onuň teatr dünýäsine gelmegine getirýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň, 2006-njy ýylda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň kömekçi toparynyň artisti wezipesine işe alynýar. Köp wagt geçmänkä bolsa, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň 1-nji derejeli artisti bolýar. Ýöne ol artistlige diňe bir tebigy zehiniň däl-de, bilimiň hem zerurdygyna düşünýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sungat studiýasyna girip, drama we kino okuwyny üstünlikli tamamlaýar. Häzir bolsa, Russiýa federasiýasynyň Kazan şäheriniň döwlet medeniýet institutynda okuwyny gaýybana dowam edýär. Şirin Ataýewa gurjak teatrynyň sahnasynda dürli ýyllarda “Çagaly öý bazarda” kümegüliň, “Jüýteniň toýynda” kümegüliň, “Alýaňakda” alma agajynyň, “Akylly Gargada” towşanyň, “Enemiň Owlajygynda” körpe gyzynyň, “Söýgi köprüsi” Merjen gelniň, “Üç ýüz tyllada” keniz satyjynyň kesplerini ýerine ýetirip tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Ol kinofilmlerde hem dürli keşpleri döretdi.