Annaçary Kakabaýew 9
Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussady.
Annaçary Kakabaýew 1966-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda eneden bolýar. Ol orta mekdepde okan ýyllary, mekdebiň aýdym-saz gurnagyna, soňra bolsa Tejen etrabyndaky Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňler drama gurnagyna gatnaşýar. 1982-nji ýylda (Leningrada) Sankt-Peterburgda gurjak teatrynyň atristleri hünäri boýunça okaýan oglan-gyzlaryň Tejen şäherinde tejribellik geçýän döwürlerinde Medeniýet öýünde P.Agamämmedowyň «Çopan we kör Garga» atly gurjak oýuny sahnalaşdyrylýar. Annaçary Kakabaýew hem şol gurjak oýunynda kör Garganyň keşbini janlandyrýar. Ol 1987-1990-njy ýyllarda Aşgabat şäherinde, şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky üç ýyllyk mekdepde (studiýada) okap, drama we kino artisti hünärine eýe bolýar.
Annaçary Kakabaýew 1991-nji ýylda Türkmen döwlet gurjak teatrynda artist wezipesinde işläp başlaýar. Ol gurjak teatrynyň sahnasynda ululy-kiçili altmyşdan gowrak keşbi döretdi. Ol her ýyl Täze ýyl baýramçylygynda Aýaz baba hökmünde körpejeleriň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp, Täze ýyl bilen baglanşykly telefilmlerde hem Aýazbabanyň keşbini yzygider döredip gelýär. Annaçary Kakabaýew Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýaş artistlere halypaçylyk edýär. Olara gurjak sungatynyň gizlin syrlaryny öwredýär.
Annaçary Kakabaýew daşary ýurtlarda geçirilýän gurjak teatrlarynyň halkara festiwallaryna-da gatnaşyp, baýraklara mynasyp bolup gelýär. Ol dürli ýyllarda Russiýa federasiýasynyň Astrahan oblastynda «Hazar kenary», Ukrainanyň Poltawa şäherinde «Ýyldyzlara ýol», Ermenistanda «Owanes Tumanýanyň ertekileri», Russiýa federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde «Kukart», Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde «Karnawal», Täjigistan Respublikasynda «Gurjaklaryň sahnadaky arzuwy» diýen at bilen geçirilen gurjak teatrlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdy.
Annaçary Kakabaýew B.Gutlymyradowyň «Böwenjik» oýnunda Böwenjigiň, G.Daňatarowyň «Gurjakgyz» oýnunda Pürliniň, K.Taňrygulyýewiň «Pilmahmyt» oýnunda Dana babanyň, K.Meşkowyň «Bir Towşanjyk bar eken» oýnunda Garantganyň, H.Şirowyň «Ýartygulak» oýnunda Garry babanyň, A.Gurbandurdyýewiň «Enemiň Owlajygy» oýnunda Pişigiň, G.Sähetdurdyýewiň «Üç ýüz tylla» oýnunda Döwüň, «Bagda bolan bir waka» oýnunda Halylynyň, «Üç öküz» oýnunda Ýolbarsyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, çagalaryň hem ulularyň söýgüsine mynasyp boldy.
Annaçary Kakabaýew türkmen teatrynyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin, 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi boldy. 2011-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy.