Zyýada Kakalyýewa 5

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň  sahna ussady

Zyýada  Kakalyýewa  1978-njy ýylda  Aşgabat  şäherinde  dünýä  inýär. Ol  orta  mekdepde  okap  ýörkä, onuň  kalbynda  sungata  bolan  höwes  döreýär. Aýdym-saz  gurnagyna  gatnap  başlamagy  Zyýadanyň  sungata  bolan  höwesini  has-da  artdyrýar. Ol  şeýle  uly  höwesi  bilen  1995-nji  ýylda  Türkmen döwlet medeniýet institutyna  okuwa  girýär. 1999-njy  ýylda  instituty  tamamlap, gurjak  teatrynyň  aktýory  hünärini  eye  alýar. Şeýle  hem 1999-njy ýyldan Türkmen  döwlet  gurjak  teatrynyň  artisti wezipesinde işe başlaýar.

Ol  turuwbaşdan  sungata  bolan  yhlasyny  görkezip  ugrady. Gurjaklary  hereketlendirmek, olara  ses  bermek  bilen  tapawutlanyp, kämillik  ýoluna  düşdi. Onuň  artistlik  zehini  gün-günden  gül  ýaly  açylyp  gitdi.

Zyýada Kakalyýewa I.Gernetiň “Gazjagaz” oýnunda Tilkiniň,  K.Taňrygulyýewiň “Pilmahmyt” oýnunda  Gelniň, döredijilik  toparynyň “Söýgi köprüsi” oýnunda Jahan  çotganyň, G.Daňatarowyň “Gurjakgyz” oýnunda  Meňliniň, A. Gurbandurdyýewiň  “Enemiň  Owlajygy” oýnunda  ortanjy  gyzyň, H. Şirowyň “Ýartygulak” oýnunda  Doýduk  baýyň, K.Meşkowyň “Bir  Towşanjyk  bar  eken...” oýnunda  Tilkiniň, G.Daňatarowyň  “Iň  hezil  gün”  oýnunda Melikäniň, A. Galandarowyň  “Aldarköse” oýnunda  Döw  aýaly “Asyklar”(Sanigin)

“cagaly oy bazaar”(okga) keşplerini döredip, özüniň  kämilligini, artistlik  ussatlygynyň  ýokary  derejesini  görkezdi. 

Zyýada  Kakalyýewa  kino  sungatynda  hem  öz  güýjüni  synap  gördi. Ol  Oguzhan  adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde  režissýor  Gülälek  Hezretgulyýewanyň  surata  düşüren “Zyýada” atly  telefilminde  uly  gelin  Sadabyň  keşbini  ussatlyk  bilen  örboýuna  galdyrmagyň  hötdesinde  geldi.

Zyýada  Kakalyýewa  artistlik  ussatlygyny  kämilleşdirmekde, teatrdaky  ýaş  artistlere  döredijilik  kömegini  berýär. Olara  halypaçylyk  edip, teatr  sungatynyň, artistlik  sangatynyň  inçe  syrlaryny  öwretmekde  öz  tejribesini,  zähmetini  gaýgyranok.