Selbi Şihiýewa 8
Selbi Şihiýewa 1987-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan. 2006-njy ýylyň awgustyndan bäri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik bölüminiň 1-nji derejeli artisti bolup işleýär. 2007-nji ýylda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň ýanyndaky studiýany tamamlap, drama teatrynyň aktýory hünärini ele aldy. Selbi Şihiýewa turuwbaşdan özüniň ukyby, zehini bilen tapawutlanyp, her bir oýna işjeň gatnaşyp, özüne tabşyrylan keşbe döredijilikli çemeleşýär. Ol teatrda goýlan oýunlarda – «Iň hezil günde» Nabadyň, «Çagaly öý-bazarda» Hurmanyň, «Gülki sowgadynda» Ýolagçynyň, «Jüýteniň toýunda» Hurmanyň, «Pilmahmytda» Miwe bagynyň, «Söýgi bizi halas ederde» Ojanyň, «Söýgi köprüsinde» Merjeniň, «Wah, bu söýgidä-de» Hurmanyň, «Sakarja geçide» Tilkiniň, «Külbejikde» syçanyň, «Şäher ertekisi» Telesmayligyň, «Heňňamlaryň hekayatynda» köpçülik sahnasynda keşplerini ör boýuna galdyryp, öz ussatlygyny görkezdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçirilýän her bir medeni çärä işjeň gatnaşmagy onuň kalbynda uly buýsanç we guwanç duýgusyny döredýär. Ol teatryň KA-y guramasynyň agzasy. Syýasy taýdan sowatly. Özüniň tutanýerli zähmeti, ahlak taýdan ygtybarlylygy bilen teatryň işgärleriniň arasynda uly hormatdan peýdalanýar.