Ogulsadap Çaryýewa 3
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýokary derejeli artisti.
Ogulsadap Çaryýewa 1976-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda eneden bolýar. Ol mekdepde okap ýörkä aýdym-saza höweslidi. Artist bolmagyň arzuwyndady. Bu arzuwy ony orta mekdebi tamamlan badyna, Mäne obasyndaky «Altyn depe» atly halk döredijilik toparyna getirýär. Ol «Altyn depe» halk döredijilik topary bilen welaýatyň etraplarynda çykyş edip, öz zehinini açyp görkezýär. Ogulsadap Çaryýewa 1996-njy ýylda Türkmen döwlet Medeniýet institutyna okuwa girýär. Ol talyplyk ýyllarynda hem Türkmenistanyň Talyplar teatrynda goýulýan oýunlarda dürli keşpleri döredip, halypa mugallymlaryň, tomaşaçylaryň göwnünden turmagy başarýar.
Ogulsadap Çaryýewa 2000-nji ýylda Türkmen döwlet Medeniýet institutyny tamamlap, Türkmen döwlet gurjak teatrynda artistlik wezipesinde işe başlady.
Ol teatrda özüne tabşyrylan her bir keşbi yhlas bilen döretmeklige çalyşýar. Ol B.Gutlymyradowyň «Böwenjik» oýnunda Böwrejigiň, A.Gurbandurdyýewiň «Ýeserje Towşan» oýnunda kirpiň, G.Daňatarowyň «Salam, Gökdere» oýnunda Mugallym gyzyň, I.Gernetiň «Gazjagaz» oýnunda kirpiniň, S.Mihalkowyň «Üç Jojuk» oýnunda Nufuň, K.Taňrygulyýewiň «Pilmahmyt» oýnunda Gelniň, döredijilik toparynyň «Jüýteniň toýy» oýnunda Üzümiň, U.Gajybekowyň «Arşyn mal alan» oýnunda Asiyanyň, «Kerwenbaşynyň oglunda» keniz gyzyň, G.Daňatarowyň «Şäher ertekisinde» enäniň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar.
Ogulsadap Çaryýewa halypa-şägirtlik ýoluna eýerip, ýaş artistlere döredijilik kömegini berip, gurjaklary oýnatmagyň, her bir keşbe mahsus ses bermegiň inçe tilsimlerini öwredýär. Ol ýaşlaryň arasynda halypa artist hökmünde uly hormata eýe.