01-11-2024
190
Türkmen döwlet gurjak teatry Daşoguz welaýatyna döredijilik saparyny geçirer
4-nji noýabrdan başlap, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Daşoguz welaýatyna döredijilik sapary başlanýar. Bu saparyň çäklerinde döredijilik topary welaýatyň birnäçe etraplarynda bolup, körpe tomaşaçylaryň öňünde özleriniň “Şadyýan sazandalar” atly sahna eserleri bilen çykyş ederler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky körpe tomaşaçylar gurjak teatrynyň sahna eserlerine höwes bilen tomaşa edýärler. Çünki, Türkmen döwlet gurjak teatry welaýatlara döredijilik saparlaryny yzygiderli gurnap durýar. Bu döredijilik saparynyň hem şowly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.