29-10-2024
188

"Siziň üçin, körpeler"

Türkmen döwlet gurjak teatry Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Ýaşlyk" teleýaýlymy bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. "Ýaşlyk" teleýaýlymynyň döredijilik topary çagalaryň söýgüli teatrlarynyň biri bolan gurjak teatrynda "Siziň üçin, körpeler" atly gepleşigini yzygiderli ýazgy edýär. Bu ýerde telegepleşige ýazga gelen çagalar Kirpijik, Towşanjyk ýaly erteki gahrymanlary bilen hem ýakyndan söhbetdeş bolýarlar.