Sahna eseri
A fun show
Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu bitewi bir sahna eseri bolman, eýsem bölejik sahnalardan ybarat çykyşlardyr. Bu çykyşlar degişme äheňinde bolup, çykyşlaryň maksady sahnada şowhun döretmek hem-de durmuşda bolup geçýän we bolup geçmeýän zatlary hem degişmäniň üsti bilen tomaşaçylara ýetirmekdir. Tomaşaçylar bu gysgajyk sahnalara uly höwes bilen tomaşa etmäge gelýärler. Eger-de, iş-aladalardan birazajyk dynç alyp, şatlanmak isleseňiz, onda biziň sahnamyzda size ýetirilýän şowhunly çykyşlara, ýagny, “Şadyýan şowa” tomaşa etmäge geliň.