Türkmen döwlet gurjak teatry Türkiýäniň 19-njy çagalar teatr festiwalyna gatnaşdy
Türkmen döwlet gurjak teatry Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirlen “Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar” atly 19-njy çagalar teatr festiwalyna gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary bu festiwalda “Baky rowaýatlar” atly sahna eseri bilen çykyş etdi. Bu sahna eseri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp kitaplarynda ýerleşdirilen rowaýatlar esasynda taýýarlandy. Sahna eseri häzirki zaman sahna tilsimleri ulanylmak bilen, ýagny yşyklandyrmak arkaly taýýarlanyldy. Festiwaly gurnaýjylaryň haýyşlary boýunça gurjak teatrynyň artistleri bu festiwalda körpe tomaşaçylaryň öňünde jemi dört gezek çykyş etdiler. Festiwala Ýewropa we Amerika sebitlerinde ýerleşýän ýurtlaryň birnäçesi gatnaşdy. Bu festiwalda Türkmenistandan gelen döredijilik topary üstünlikli çykyş edip, Festiwalyň kubogyna we diplomyna mynasyp boldy. Bu festiwal Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary üçin ýatdagalyjy saparlaryň biri boldy. Teatryň döredijilik topary Ankara şäherinde bina edilen Magtymguly Pyragynyň heýkeline aýlanyp gördüler, dürli ýurtlardan gelen hem-de Türkiýe döwletinde işleýän öz kärdeşleri bilen ýakyndan tanyşdylar, tejribe alyşdylar. Şeýle dostlukly saparlara gatnaşmak, işlemek, döretmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden giňden peýdalanýan teatryň döredijilik topary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny aýdýarlar.