07-11-2026
11
«Türkmen we täjik gurjak teatr sungaty bir sahnada çykyş etdi»
Şu günler ýurdumyzda "Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty" atly bäşinji halkara festiwaly dowam edýär. Bu festiwalda Türkmen döwlet gurjak teatry "Asmandan inen ykbal" atly sahna eseri bilen çykyş etdi. Şeyle-de festiwal günlerinde Täjigistanyň Duşenbe şäherinden gelen gurjak teatrynyň artistleri Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler.