03-11-2026
35

«Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri Balkan welaýatynda çykyş edýärler»

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri şu günler ýurdumyzyň Günbatar sebitinde döredijilik saparynda bolup, Balkanabat şäherinde göçme çykyşlary guraýarlar. Saparyň dowamynda çagalar üçin dürli gurjak oýunlary, ulular üçin bolsa gülküli we şowhunly sahna oýunlary görkezilýär. Çykyşlar çagalar baglarynda, mekdeplerde, şeýle-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Balkan welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar.