01-11-2026
67

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Täjigistan döwletinde iş saparyny geçirdi.

 Şu ýylyň oktýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Täjigistan respublikasynda bolup, "Çodari haýol" atly gurjak teatrlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdy. Gurjak teatrynyň döredijilik topary bu festiwalda "Heňňamlaryň hekaýaty" atly sahna eseri bilen çykyş etdi. Üstünlikli çykyş eden gurjak teatrynyň döredijilik toparyna festiwalyň diplomy we kubogy gowşuryldy.