01-09-2026
90
«Täze teatr möwsümi başlady»
1-nji sentýabrda Türkmen döwlet gurjak teatry özüniň 35-nji teatr möwsümine başlady. Az wagtlyk tomusky dynç alyş möwsüminden soň, teatryň döredijilik topary ýene-de öz ýaşajyk tomaşaçylaryny begendirip başlar. Bu ýylky teatr möwsümi çagalar üçin taýýarlanan "Dostlar" atly sahna eseri bilen başlandy.