19-04-2024
451

Gurjak teatrynyň Daşoguz welaýatyna iş sapary üstünlikli jemlendi

        Ýakynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup geldiler. Bu saparyň çäklerinde gurjak teatrynyň döredijilik topary Daşoguz welaýatynyň birnäçe etraplarynda bolup, çagalar baglarynda, mekdeplerde rus halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan “Maşa we Aýy” atly gurjak oýny bilen çykyş etdiler. Gurjak teatrynyň çykyşy çagalar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Bu sapar şu ýylky teatr möwsüminde welaýatlar boýunça üçünji iş saparydyr. Teatr welaýat tomaşaçylarynyň islegleri boýunça ýene-de döredijilik iş saparlaryny gurnamaklygy maksat edinýär. Bu döredijilik saparlaryna teatryň artistleri Batyr Gurbanow, Gülälek Mämmetgulyýewa, Söhbet Paşşagulyýew, Dawut Ataýew, Ogulaý Akmämmedowa, Akmuhammet Durdymyradow, Gaýgyzyz Pürliýew, Ogulnäzik Esenowa, Gülälek Gulmyradowa işjeň gatnaşdylar.