04-08-2026
37
«Gökdere dynç alyş merkezlerinde şowhunly çykyşlar»
Şu günler mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Gökderede ýerleşýän çagalar dynç alyş merkezlerine yzygiderli döredijilik saparlaryny gurap, ol yerde dynç alýan çagalaryň öňünde öz gyzykly sahna eserleri bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalar gurjak teatrynyň sahna eserlerine tomaşa edip, çykyş eden teatr artistleri bilen ýakyndan söhbetdeş bolýarlar we olara ýerine ýetiren gyzykly çykyşlary üçin sagbolsun aýtýarlar.