02-06-2026
591
«1-nji iyun Halkara çagalary goramagyň güni şowhunly,täsirli ýagdaýda geçirildi.»
Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatry Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň haýyr-sahabat ýol ýörelgelerinden ugur alyp, "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasynyň howandarlyk edýän çagalary üçin ýörite sahna eserlerini taýýarlady. Bu sahna eserleri 1-iyunda, çagalary goramagyň halkara gününde çagalar üçin ýerine ýetirildi. Teatrymyza gelen ähli çagalar üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk güni bolandyr diyip umyt edyäs.