17-05-2026
28

«Türkmen döwlet gurjak teatrynda haýyr-sahabat çäreleri gurnaldy»

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde  haýyr-sahabat çykyşlary gurnaldy. Bu haýyr-sahabat çäresinde gurjak teatrynyñ artistleri özleriniñ gyzykly çykyşlaryny ýerine ýetirip, çagalara ýatdan çykmajak şatlykly pursatlary sowgat etdiler. Soňra bolsa  çagalar üçin niýetlenen «Baky rowaýat» atly  gyzykly sahna eserine tomaşa etdiler.