11-05-2026
16

«Gurjak teatrynyň Mary welaýat iş sapary üstünlikli jemlendi.»

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Mary welaýatynda iş saparynda bolup geldiler. Bu saparyň çäklerinde gurjak teatrynyň döredijilik topary Mary welaýatynyň birnäçe etraplarynda bolup, çagalar baglarynda, mekdeplerde özleriniň gyzykly gurjak oýunlary bilen çykyş etdiler. Gurjak teatrynyň çykyşy çagalar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.Bu döredijilik saparlaryna teatryň artistleri Batyr Gurbanow, Şaguly Karaşew Ogulaý Akmämmedowa, Akmuhammet Durdymyradow, Gülälek Gulmyradowa, Ýusup Gulmyradow, Bugraýew Didar işjeň gatnaşdylar.