02-05-2026
22

«Çagalar edebiýatyna bagyşlanan täsirli duşuşyk geçirildi»

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda "Dünýa dolsun çagalaryň gülküsi" atly çagalar şahyry, çagalar edebiyatynyň halypasy Azat Rahmanow bilen şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýşyna bagyşlanyp edebi duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda Türkmen döwlet gurjak teatrynyñ döredijilik topary Azat Rahmanowyň "Umyt guşjagazy" atly goşgusy esasynda taýýarlanan sahna bilen çykyş etdi. Duşuşyga gatnaşanlar şeyle edebi çäreleri geçirmeklige uly mümkinçilikleri döretýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.