01-05-2026
20

«Türkmen döwlet gurjak teatry Mary welaýatyna döredijilik saparyny geçirýär.»

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Mary welaýatyna döredijilik sapary başlandy. Bu saparyň dowamynda döredijilik topary welaýatyň birnäçe etraplarynda bolup, körpe tomaşaçylaryň öňünde özleriniň gyzykly sahna eserleri bilen çykyş ederler. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky körpe tomaşaçylar gurjak teatrynyň sahna eserlerine höwes bilen tomaşa edýärler. Çünki, Türkmen döwlet gurjak teatry welaýatlara döredijilik saparlaryny yzygiderli gurnap durýar. Bu döredijilik saparynyň hem şowly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.