24-04-2026
51
«Türkmen döwlet gurjak teatrynda ahal-teke bedewlermize bagyşlanyp taýýarlanan "Asmandan inen ykbal" atly sahna eseriniň ilkinji görkeziliş dabarasy boldy.»
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aprel aýynyň 24-25-26-na Türkmen döwlet gurjak teatrynda ahal-teke bedewlermize bagyşlanyp taýýarlanan "Asmandan inen ykbal" atly sahna eseriniň ilkinji görkeziliş dabarasy boldy. Gelen myhmanlary duz çörek bilen garşy alan milli egin eşikli oglan gyzlar tomaşaçylary uly hormat bilen tomaşalar zalyna çagyrdylar. Sahna eserine gatnaşan artistler üstünlikli çykyş etdiler. Ähli tomaşaçylar bilen bir hatarda bu sahna eserine durmuşdan alnan gahrymanlar, "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Arslan bilen Jennet hem öz maşgalasy bilen tomaşa etdiler. Çykyşdan soň bu gahrymanlar gurjak teatrynyň doredijilik topary bilen ýadygärlik surata düşdiler.