23-04-2026
38
«At bilen ynsanyň arasyndaky mähir wepa doly hekaýa»
Hormatly tomaşaçylar!
Sizi Bedew baýramy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda sahnalaşdyrylýan “Asmandan inen ykbal” atly täsirli sahna eserine tomaşa etmäge çagyrýarys.Bu oýun Hormatly Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň"Asmandan inen ykbal" atly bölüminden alnan waka esasynda döredildi. Sahna eserinde enesinden aýrylan taýçanagy söýgi bilen ulaldýan Jennet atly gyzjagazyň täsirli hekaýasy beýan edilýär.At bilen ynsan arasyndaky mähir, wepa we söýgi bu oýunda öz beýanyny tapýar.Geliň, Bedew baýramynyň şatlygyny bilelikde paýlaşyp, bu täsin sahna eserinden lezzet alalyň!Size teatrda garaşýarys!