20-04-2026
57
«Türkmen döwlet gurjak teatrynda şatlyk doly pursatlar»
Türkmen döwlet gurjak teatrynda çagalar öz dynç günlerini şadyýan we gyzykly geçirýärler. Teatryň döredijilik topary tarapyndan ýörite kiçi tomaşaçylar üçin taýýarlanan, aýdym-sazly, şowhunly we täsirli sahna çykyşlary yzygiderli gurnalýar.Mundan başga-da, dürli gurjak spektakllary görkezilýär.Bu çykyşlar diňe bir güýmenje bolman, eýsem terbiýeçilik taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir.Eger siz hem çagalaryňyz bilen bilelikde dynç günleriňizi has-da gyzykly geçirmek isleýän bolsaňyz, Türkmen döwlet gurjak teatry size garaşýar.