02-04-2026
61

«Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Daşoguz welaýatynda iş saparynda.»

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň Daşoguz welayatyna iş sapary başlandy. Saparyň dowamynda teatryň artistleri çagalar üçin ýörite taýýarlanan sahna eserleri bilen çykyş ederler. Çykyşlar şatlyk-şowhuna beslenen aýdymdyr sazlar bilen utgaşykly taýýarlanyldy. Bu çykyşlara welayatyň birnäçe mekdepleriniň okuwçylary we çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar tomaşa edip bilerler.