26-03-2026
49

«Asmandan inen ykbal»

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary "Asmandan inen ykbal" atly täze sahna eserini sahnalaşdyrýar. Bu sahna eseri Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň "Atda wepa-da bar, sapa-da" atly ajaýyp kitabynyň "Asmandan inen ykbal" atly bölümindäki maglumatlar esasynda taýýarlanylyar. Sahna eseri ýakyn günlerde jemgyýetçilik gözden geçirilşine hödürlener. Sahna eseriniň edebi esasyny ýazan Maksat Altaýew, režissýory Batyr Gurbanow.