19-03-2026
29

«Çagalar şatlansyn,nowruz ýaýlada»

Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň hem-de "Yaşlyk" teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda "Çagalar şatlansyn, Nowruz ýaýlada" atly baýramçylyk gepleşigi ýazgy edildi.Şatlyk-şowhuna beslenen bu baýramçylyk gepleşiginde çagalar ýaşyl ýaýlada milli oýunlary oýnap, aýdym aýdyp, tans edip göwünlerini hoşladylar. Tomaşaçylar bu gepleşige Nowruz baýramçylygy günlerinde "Ýaşlyk" teleýaýlymyndan tomaşa edip bilerler.