02-03-2026
38

«AKPAMYK»

Türkmen döwlet gurjak teatry Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Ýaşlyk" teleýaýlymy bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. "Ýaşlyk" teleýaýlymynyň döredijilik topary çagalaryň söýgüli teatrlarynyň biri bolan gurjak teatrynda "Akpamyk" atly gepleşiginiň 8-nji mart «Halkara zenanlar güni» mynasybetli täze baýramçylyk sanyny ýazgy etdi. Bu ýerde telegepleşikde kirpijik, towşanjyk ýaly erteki gahrymanlary bilen hem ýakyndan söhbetdeşlik boldy.Siz bu gepleşige «Ýaşlyk» teleýaýlymynda 6-njy mart güni tomaşa edip bilersiňiz.