13-03-2025
15
Çagalaryň sesi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Ýaşlar simfoniki orkestriniň hem-de birleşen çagalar horunyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar gurnaldy. Bu çykyşlarda paýtagtymyzyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary dünýä döwletleriniň eserlerini dürli dillerde ýerine ýetirmek bilen parahatçylygy, dostlugy, gözelligi wasp etdiler. Çykyşlarda ýaňlanan aýdym-sazlar bütin dünýä ähli gowluklary arzuw edýän çagalaryň sesi bolup ýaňlandy. Bu dabaraly çykyşlara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.